Turkmenportal logo
Şu gün 09:15
70937093
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ahalteke bedewi sowgat berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen dostlukly gezelenç etdiler. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň aýdyň beýanydyr. Soňra özara sowgat alyşmak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat bermegi dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýän ajaýyp waka öwrüldi. Bu barada TDH habar berdi.

Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Başlygy Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, mundan bir müçe öň, ýagny 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini aýtdy.

HHR-iň Başlygy türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly sözlerini mysal getirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow adyndan Gadyrly atly bedewiň sowgat berilmeginiň diňe bir özi üçin däl-de, eýsem, tutuş hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny belledi we ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.