Turkmenportal logo
Şu gün 09:13
35683568
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde Si Szinpin bilen gepleşik geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlar BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ol daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym, bilim ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem soňky ýyllarda syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar we parlamentara dialog giňeldilýär.

«Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň durnukly we ygtybarly ulgamy döredildi. Bu gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçip, öz netijeliligini hem-de türkmen we hytaý halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi» diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaýyň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, häzirki wagtda taraplaryň yzygiderli tagallalary netijesinde munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine ünsi çekdi.

Öz gezeginde, Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.

Ýangyç-energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda ylym we bilim ulgamlarynyň möhüm orny bellenildi.