Turkmenportal logo
Düýn 17:20
1925719257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Özbegistandan Eýrana ugradylan ynsanperwer kömeginiň üstaşyr geçmegini üpjün etdi

Özbegistan 16-njy martda Türkmenistanyň çägi arkaly Eýran halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ynsanperwer kömegiň düzüminde azyk önümleri — un, tüwi, gant, unaş önümleri, günebakar ýagy we konserwalar, şeýle hem derman serişdeleri we lukmançylyk önümleri bar. Üsti ýükli birnäçe awtoulag eýýäm Eýran tarapyna gowşuryldy.

Ýüki gowşuryş dabarasyna Eýranyň resmi wekilleri: Daregaz şäheriniň häkimi Mujtaba Bazmara, Eýranyň DIM-iniň Horasan-Rezawi welaýatyndaky müdiriýetiniň ýolbaşçysy, ministriň geňeşçisi Ali Masrumifar, şeýle hem Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani gatnaşdy. Özbegistan tarapyndan bolsa dabara Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow gatnaşyp, ýüki Eýranyň resmi wekillerine gowşurdy. Özbegistanyň DIM-iniň habarynda iberilen ýükiň umumy möçberini barada mälim edilmedi.

Eýranly resmi wekiller Özbegistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky dostluk, raýdaşlyk we birek-birege goldaw bermek däpleriniň beýanydygyny nygtadylar. Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ruzbehani Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynda ynsanperwer ýüküniň üstaşyr geçmegini guramaga ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistanyň ynsanperwer kömegi üçin üstaşyr geçelge bolup çykyş eden Türkmenistan goňşy döwlet bilen raýdaşlygyň nyşany hökmünde Eýrana öz tarapyndan hem ynsanperwer kömegini ugratdy.