Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy Aýnura Baltaýewa 2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda Berlinde geçirilen "Golden Formula" halkara pedagogik bäsleşiginde I derejeli laurýat adyna mynasyp boldy.
"Golden Formula" bäsleşigi fransuz kompaniýasy EURO MEDIA STAR GROUP tarapyndan her ýyl gurnanylýar we dünýäniň dürli ýurtlaryndan bilim işgärlerini öz içine alýar. Bäsleşik pedagogik taslama, usuly gollanma, göreldeli sapak we ylmy makala ýaly dört ugur boýunça geçirilýär.
II derejeli mugallym Baltaýewa bäsleşigiň usuly gollanma ugry boýunça "Web programmirleme sapaklarynda oýun tehnologiýalary: küşt strategiýasy esasynda interaktiw okatmak" atly işi bilen çykyş etdi we ýeňiji diýlip yglan edildi.