«Bilimli ädim» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan makullanylan şertnamalara we ähtnamalara laýyklykda Belarus Respublikasynyň ýedi uniwersiteti bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşdy. Şertnamalaryň şertlerine görä, kompaniýa Türkmenistanyň raýatlaryny Belarusdaky hyzmatdaş okuw mekdeplerine ýeňillikli esasda kabul etdirmek hukugyna eýe boldy.
Hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleri girýär: Belarusyň milli tehniki uniwersiteti (BMTU), Belarusyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti we Belarusyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti — olaryň üçüsi hem Minsk şäherinde ýerleşýär.

Mundan başga-da, Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersiteti, Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Poloskiniň döwlet uniwersiteti we Witebskiniň P.M. Maşerow adyndaky döwlet uniwersiteti bilen ylalaşyklar baglaşyldy.
Belarusyň ýokary bilimi akademiki däpleri, häzirki zaman usullary we okuw üçin elýeterli tölegi bilen utgaşdyrylýandygy üçin daşary ýurt talyplarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Belarusyň uniwersitetleriniň daşary ýurtly uçurymlarynyň arasynda geçirilen pikir soraşmalara görä, talyplar ýurduň howpsuzlygyna, ýerli ilatyň dostlukly gatnaşygyna we okuw döwründe hünär tejribesini geçmek mümkinçiligine ýokary baha berýärler.

«Bilimli ädim» kompaniýasy hyzmatdaş uniwersitetleriň sanawyny giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigini mälim etdi.
«Bilimli ädim» kompaniýasynyň ofisleri ýurduň ähli iri şäherlerinde işleýär:
• Aşgabat: (+993 64) 52 94 85;
• Balkanabat: (+993 63) 08 07 66;
• Türkmenbaşy: (+993 71) 33 53 92;
• Mary: (+993 71) 33 53 28;
• Daşoguz: (+993 62) 31 05 54;
• Türkmenabat: (+993 71) 41 00 74;
Sosial ulgamdaky sahypasy.