Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurtda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň «Nowruz ýaýlasynda» geçiriljek dabara Gahryman Arkadagyň hem-de Serdar Berdimuhamedowyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar.
Bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.