Amerikanyň «Netflix Inc.» striming gullugy filmleriň önümçiliginde emeli aň tehnologiýalary boýunça iş alyp barýan «InterPositive» kompaniýasyny satyn alar. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Geleşigiň bahasy gizlin saklanýar, emma habarly çeşmeler «Netflix»-iň geleşik üçin 600 million dollara çenli tölejekdigini ýazýarlar.
«InterPositive» meşhur aktýor we režissýor Ben Afflek tarapyndan 2022-nji ýylda «RedBird Capital Partners» maýa goýum firmasynyň goldamagynda esaslandyryldy. Ol surata alnan materialy redaktirlemäge hem-de kebşirlemäge kömek edýän EA-tehnologiýalaryny işläp düzýär.
Kompaniýanyň önümlerini režissýor Dewid Finç aktýor Bred Pittiň çykyş eden «Kliff Butuň başdan geçirenleri» atly täze filminiň surata düşürilişinde peýdalandy.
Ben Afflek iki gezek –1998-nji ýylda «Akylly Uill Hanting» we 2013-nji ýylda «Argo tutumy» filmleri üçin «Oskar» baýragyny aldy.