2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda birnäçe baýramyň yzly-yzyna gelmegi sebäpli, Türkmenistanyň ýaşaýjylary dört günläp yzygiderli dynç alarlar.
20-nji martda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli Oraza baýramy bellenilýär. Baýramyň senesi Türkmenistanyň müftüsi tarapyndan tassyklanan selärlik we agzaçar wagtlarynyň resmi senenamasyna laýyklykda bellenildi.
21-nji we 22-nji martda bolsa ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabaraly bellenilýär. Bu baýram Türkmenistanyň esasy döwlet baýramçylyklarynyň biridir.
2026-njy ýylda 22-nji martynyň ýekşenbe gününe gabat gelýändigi sebäpli, dynç güni duşenbe gününe, ýagny 23-nji marta geçirilýär. Bu üýtgeşme Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, dynç gününe gabat gelen baýramçylyk gününiň indiki iş hepdesiniň goşmaça iş gününiň hasabyna öwezi dolunýar.
Şunlukda, 20-nji, 21-nji, 22-nji we 23-nji mart günleri iş güni däl diýlip yglan ediler. Ýurduň ýaşaýjylary yzygiderli dört gün dynç alyp bilerler. Iş hepdesi bolsa sişenbe güni, 24-nji martda başlanar.
Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda dynç günlerini geçirmek baradaky degişli resminama ýurduň Prezidentiniň Permany bilen resmileşdirilýär.