Balkan welaýatynyň edara-kärhanalary, önümçilik pudaklary ýokary ruhubelentlikde zähmet çekip, meýilnamalaryna üstünlikli amal edýärler. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň başyndan bäri «gara altynyň» 780 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenilip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 112,2 göterim ösüş gazanyldy.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, zawodlar toplumynda geçen iki aýyň içinde dürli görnüşli benziniň 253 müň 800 tonnasy öndürildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhana boýunça benzin öndürmek baradaky ösüş 115,1 göterime barabar boldy.