Turkmenportal logo
Düýn 14:15
1096010960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşaýjylary «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatlaryny giňden peýdalanýarlar

Türkmenistanda çaparçylyk hyzmatlaryna uly isleg bildirilýär. Işewürligiň ösmegi we hususy ibermeleriň artmagy bilen, ýurduň ýaşaýjylary resminamalary we ýollamalary dessin eltip bermek hyzmatlaryndan barha işjeň peýdalanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk gullugy bukjalary ýurduň ähli ýerine çalt we howpsuz eltip bermek boýunça çözgütleri hödürleýär. 

Bu hyzmat resminamalary, sowgatlary we dürli harytlary gönüden-göni alyja gowşurmaga mümkinçilik berýär. Giň ulgamy we guramaçylykly logistikasy netijesinde, çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň islendik welaýatyna ýollamalary çalt eltip bermegi üpjün edýär.

Kompaniýada islegiň artmagynyň hususy müşderileriň islegleri bilen birlikde, işewürligiň we elektron söwdanyň ösüşi bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Çaparçylyk hyzmaty guramalaryň arasynda möhüm resminamalary alyşmak, internet-dükanlarynyň harytlaryny eltip bermek, şeýle hem beýleki şäherlerdäki garyndaşlaryňyza we dostlaryňyza sowgatlary hem-de şahsy ýollamalary ibermek üçin ýygy-ýygydan peýdalanylýar.

Eltip bermegiň tiz amala aşyrylmagy, her bir müşderä aýratyn çemeleşme we ýollamalaryň howpsuzlygynyň kepillendirilmegi hyzmatyň esasy artykmaçlyklarydyr. Ähli çaparlar ýokary hünär taýýarlygyny eýedir, bu bolsa ýollamalara seresaply çemeleşilmegini we hyzmatyň ýokary derejesini üpjün edýär.

Mundan başga-da, hyzmatdan diňe telefon arkaly däl, eýsem, «ÇaparPay» mobil goşundy arkaly hem peýdalanyp bilersiňiz, munuň özi hyzmaty sargyt etmek işini ýeňilleşdirýär we ony has elýeterli edýär.

Has giňişleýin maglumat almak we sargyt etmek üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 92 14 95.