BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň (FEI) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasy habar berdi.
Gepleşikler 4-nji martda Lozanna şäherinde geçirildi. FEI tarapyndan duşuşyga guramanyň prezidenti Ingmar De Wos we baş sekretary Sabrina Ibanýes gatnaşdylar.
Taraplar atçylyk sporty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu ugruň aýratyn ähmiýetini nygtap, 2026-njy ýylyň ýurtda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde FEI bilen bilelikde konkur boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem ýakyn ýyllarda FEI-niň Baş assambleýasyny Türkmenistanda geçirmegiň geljegi we Halkara atçylyk akademiýasyny ösdürmekde, şol sanda konkur dersi boýunça mugallymlary ibermekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Diplomatik wekilhananyň habarynda bellenilişine görä, Türkmenistan şu ýylyň dekabr aýynda Guançžouda geçiriljek FEI-niň nobatdaky Baş assambleýasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Mundan ozal, 6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli Wepa Hajiýewi Şweýsariýadaky we Watikandaky birnäçe diplomatik wezipelerinden boşadyp, ony ýurduň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine belledi.