Turkmenportal logo
Şu gün 11:56
80858085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly iki talyp Italiýada 5 aýlyk tejribelik geçýär

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iki talyby — Yhlas Kömekow we Soltanmyrat Tairow Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde bäş aýlyk alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyna ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagtda talyplar Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Kýeti we Peskara şäherlerindäki G. d’Annunsio adyndaky uniwersitetde (Università degli Studi "G. d'Annunzio" Chieti - Pescara) öz hünärleri boýunça bilimlerini kämilleşdirýärler.

Bu talyplaryň alyş-çalyş taslamasy HYYÖU we Italiýanyň uniwersitetiniň arasyndaky ilkinji tejribedir. Tejribe maksatnamasy talyplara diňe bir Ýewropanyň bilim standartlary bilen tanyşmaga däl, eýsem, halkara syýasaty we diplomatiýa ulgamynda amaly tejribe toplamaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ulgamyny dünýä derejesinde mynasyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredýär.