Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy 2026‑njy ýylyň 10‑17‑nji marty aralygynda geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin Polşanyň Krakow şäherine ugrady.
Wekiliýetiň düzümine 13 adam girýär: 10 türgen, iki tälimçi we toparyň ýolbaşçysy. Gatnaşyjylaryň arasynda sport ussatlary Eziz Zekerýaýew we Selim Myratdurdyýew, şeýle hem birinji derejeli sekiz türgen bar. Topara Diyar Hojaýew ýolbaşçylyk edýär.