Turkmenportal logo
Düýn 22:28
78047804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aýatolla Seýed Mojtaba Hameneýini Eýranyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynň Beýik Lideri Aýatolla Seýed Mojtaba Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Liderine berk jan saglyk, şeýle hem Eýranyň halkynyň parahatçylygynA hem-de gülläp ösüşine gönükdirilen başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.