Turkmenportal logo
Düýn 17:48
1048510485
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň ilçihanasy: Hytaýyň 41 raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan çykaryldy

8-nji martda Hytaýyň 41 raýaty Türkmenistanyň çägi arkaly Eýrandan çykaryldy. Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlary serhedi «Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadyndan geçip, Aşgabadyň Halkara howa menziline getirildi we ol ýerden göni gatnaw bilen Pekine uçmaga mümkinçilik aldylar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy «Turkmenportalyň» redaksiýasyna habar berdi.

Belläp geçsek, hytaý raýatlarynyň Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen çykarylmagy birnäçe tapgyrda amala aşyryldy. 4-nji martda Eýrandan Türkmenistana geçirilen 25 hytaý raýatyndan ybarat bolan birinji topar ir bilen öýlerine ugrady.

Ikinji tapgyryň dowamynda, 7-nji martda Hytaýyň 18 raýaty eýran-türkmen serhedini «Sarahs» serhet geçelgesi arkaly geçip, Aşgabada geldiler we myhmanhanada ýerleşdirildiler. Soňra olara ýene-de üç hytaý raýaty goşuldy — şeýlelikde, ikinji tapgyryň çäginde çykarylanlaryň umumy sany 21 adam boldy.