Turkmenportal logo
Şu gün 17:00
72127212
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda goýlan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy

4-nji martda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, Aýatolla Hameneýiniň hatyrasyna açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

Saparyň dowamynda Raşid Meredow Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Modjtab Ruzbehani bilen duşuşyp, bu ýitgi mynasybetli oňa şahsy gynanjyny bildirdi.

Ilçihanadan başga-da, gynanç kitaby Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde hem açyldy. Ol 4-nji martda açylyp, 10–15 günüň dowamynda gynanç bildirmek üçin açyk bolar.