Turkmenportal logo
Şu gün 15:04
76067606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçiriler

Penşenbe güni, 5-nji martda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda «Milli emeli aň strategiýasy: Durnukly ösüş üçin bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak» mowzugy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň halkara bilermenleri hem gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we bu ugurda hukuk binýadyny döretmek bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle hem degişli strategiýanyň esasy ugurlaryny kesgitlemek, milli maglumatlar binýadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we zerur bolan infrastrukturany ösdürmek bilen bagly wezipeler kesgitlendi.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün, 4-nji martda BMGÖM-niň halkara bilermenleri bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky toparynyň gatnaşmagynda emeli aňyň esaslary boýunça okuw maslahaty, şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky toparynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmak babatda halkara tejribesi we bu ugurda özara hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli emeli aň strategiýasy işlenilip taýýarlanylýar. Degişli işler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barlar.