Turkmenportal logo
Şu gün 14:25
73557355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýönekeý» HK-sy 15 ýurda wiza almak üçin resminamalary taýýarlamakda kömek berýär

«Ýönekeý» hususy kärhanasy 15 döwlete wiza almak üçin gerekli resminamalary taýýarlamakda degişli goldaw berýär. Kärhana müşderileriň öz resminamalaryny dogry toplamagyna, doldurmagyna we konsulhanalara hem-de wiza merkezlerine tabşyrmak üçin doly bukjany taýýarlamagyna ähli tapgyrlarda ýardam edýär.

Wiza goldawy berilýän ýurtlaryň sanawyna Russiýa, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan, BAE (Dubaý hem goşulýar), Hindistan, Belarus, Hytaý, Günorta Koreýa, Wýetnam, Tailand, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Ýaponiýa girýär.

Elektron wizalara aýratyn üns berilýär. 10-dan gowrak ýurda resminamalary dünýäniň islendik ýerinden uzak aralykdan tabşyrmak mümkindir. Kärhananyň hünärmenleri talaplar boýunça maslahat berýär, sowalnamalaryň dogry doldurylandygyny barlaýar we tabşyrylmaga taýýar bolan doly resminama bukjasyny düzüp berýär.

Wiza goldawyndan başga-da, kärhana uçar biletlerini we myhmanhanalarda ýerleri sargyt etmek (bronlamak) hyzmatlaryny, şeýle hem Türkiýä wiza almak üçin nobata ýazdyrmak we degişli ugurdaş goldawlary bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda «Ýönekeý» HK-sy Türkmenistanyň üç welaýatynda üç şäherde ýerleşýän ofisleri arkaly hyzmat edýär. Maslahat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +993 62 81 88 83 we +993 61 21 25 59.