«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 1-nji martdan 26-njy aprele çenli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän zyýaratçylar üçin ýörite awtobus gatnawlarynyň ýola goýlandygyny yglan etdi.
Bu awtobus gatnawlary tölegsiz we her hepdedäki dynç alyş günlerinde işlär diýlip, ayauk.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Tertibe laýyklykda, awtobuslar Aşgabat şäheriniň demir ýol menzilinden sagat 08:00-da ugraýarlar. Yzyna, «Ak Işan» aramgähinden paýtagta sagat 15:00-da gaýdýarlar.
Has giňişleýin maglumat almak üçin şu belgilere ýüz tutuň: +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20.
«Ak Işan» aramgähine mugt gatnawlar «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen guraldy.