Türkmenistanyň Söwda‑senagat edarasynda 17–19 mart aralygynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi, şeýle hem «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar — diýip, «Rysgal» elektron gazeti habar berýär.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Sergä gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi 2026-njy ýylyň 5-nji martyna çenli dowam edýär.