Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi B.Rejepow Saken Seýfullin adyndaky Gazak Agrotehniki barlag uniwersitetiniň Dolandyryş geňeşiniň başlygy – rektory Kanat Maratowiç Tireuow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Soňra ilçi bu ýokary okuw mekdebinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi üçin leksiýa bilen çykyş etdi.
Ilçi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän çäreleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň öňünde goýan möhüm wezipelerini giňişleýin beýan etdi. Şeýle-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden bellemek boýunça meýilnamalar barada aýdyp geçdi.
B.Rejepow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny tanyşdyrdy. Ilçi bu kitapda Türkmenistanyň bitaraplyk ýyllarynda milli däpleri we innowasion ösüş ýoluny sazlaşykly utgaşdyrýan, içki durnuklylygy hem-de dünýä açyklygy üpjün edýän ygtybarly ösüşli döwlet hökmünde kemala gelendigi aýratyn nygtalýandygyny belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi talyplaryň okuwda we sportda gazanýan üstünlikleri bilen hem gyzyklandy. Talyplar bolsa öz gezeginde özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge mümkinçilik gazandylar.