Amsterdamyň Reýksmýuseum çeperçilik muzeýi ussat nakgaş Remnrandt Harmens wan Reýniň birnäçe onýyllyklardyr näbelli suratkeşe degişli hasaplanýan eserini anykdy. Sungaty öwrenijiler «Zahariýanyň ybadathanada gözüne görnen ruh» atly nakgaşlyk eseriniň niderland çeperçilik sungatynyň bu nusgawy wekiline degişlidigini anykladylar. Bu barada DW neşirine salgylanýan «Kazinform» habar berdi.
1633-nji ýyl bilen senelenýän işiň hakyky awtorynyň kimdigini skanirlemegiň häzirki zaman tehnologiýasy arkaly kesgitlemek başartdy. Öň şeýle usul arkaly bu suratkeşiň «Gije gözegçisi» atly eserini-de kesgitlemek başardypdy.
Kartinanyň eýesi hususy toplaýjy ony muzeýe köp möhletli kärendesine beripdir. Eseri sungat söýüjiler 4-nji martdan başlap görüp bilerler diýlip, habarda bellenýär.