Düýn— 4-nji martda Hindistanda reňkleriň baýramy bolan Holi giňden bellendi. 1,4 milliard ilatly ýurduň tas ähli ýerinde adamlar birek-birege reňk tozuny we reňkli suw sepdiler, tans etdiler hem-de baharyň gelmegini şatlyk bilen garşyladylar.
Reňk tozany—gulaala Holiniň iň esasy nyşanydyr, ony hatda baýramçylyk wagtynda geçip barýan nätanyş ötegçä hem sepmek aýyp görülmeýär.
Hindiler şol gün dürli tagamlary taýýarlap birek-birege hödür edýärler. Ol tagamlaryň arasynda iň meşhury bolsa gulab jamundyr. Gulab-jamun çig gaýmakdan edilen tegelek pirožkiler bolup, ýagda gowrulýar. Ony soňra süýji sirop bilen gülgün reňkli suwa ezýärler. Holiniň ýene bir nyşany phendi, ol hem türk nohudynyň unundan taýýarlanýan datly tagamdyr. Phendi, adatça, dürli süýji souslar bilen bilelikde saçaga äberilýär, birek-birege hödür edilýär.