Turkmenportal logo
Şu gün 12:08
17851785
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarus ýeralma byzmyklary ÝUNESKO-nyň medeni mirasyna giriziler
Surat: gazeta.ru

Belarus dranikleri (gyrgyçdan geçirilen ýeralma byzmyklary) we beýleki milli tagamlar ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna girip biler. Olary ady tutulan sanawa girizmek baradaky hödürnama bilen Respublikanyň Ministrler Geňeşiniň prezidumy çykyş etdi diýip, Belarussiýanyň Hökümetiniň «Telegram»-ýaýlymy habar berdi.

Habarda munuň ýurda jahankeşdeleriň sanyny artdyrmaga ýardam etjekdigi bellenýär.

Belarus Respublikasyndan ýeralmadan taýýarlanýan başga-da birnäçe milli tagamlary sanawa girizmek teklip edilýär. Dranikler we beýleki tagamlar ýurduň 6 oblastynyň ählisinde taýýarlanýar. Galyberse-de, soňky dört ýylyň dowamynda gyrlan ýeralmadan taýýarlanýan 235 sany tagam Belarusuň taryhy-medeni gymmatlygy hökmünde ýurduň döwlet sanawynda ykrar edilendir.