Turkmenportal logo
Şu gün 10:57
29162916
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bişkekde ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Bişkekde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasy Gyrgyz-Türk «Manas» uniwersitetinde düşündiriş häsiýetli umumy sapagy geçirdi. 4-nji martda gurlan çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, dabaranyň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygarynyň manysy barada jikme-jik maglumat berildi.

Türkmen atlarynyň halkyň aýrylmaz maddy we ruhy baýlygy, şeýle hem onuň taryhy mirasynyň nyşanydygy nygtaldy. Şeýle hem ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmek, bu tohumy giňden ýaýratmak we halkara derejesinde onuň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn işlere aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýäde iň gymmatly tohum atlaryň biri hasaplanylýandygyny we olaryň Türkmenistanda aýratyn hormatlanýandygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda ahalteke atlaryna bagyşlanan wideoşekil görkezildi, onda olaryň gözelligi, ýyndamlygy we sazlaşygy aýdyň beýan edildi.