Golliwudyň meşhur aktýory Jim Kerriniň keşbi Fransiýada geçen «Sezar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda hemmeleri iňkise giderdi: tomaşaçylar onuň düýbünden üýtgän ýüz-keşbine haýran galdylar. 64 ýaşly komik aktýoryň ýüzi ýalpyldap durdy we ol adatdakysyndan semrändi. Dabarany ýaýlymlara berijileriň käbiri onuň Kerriniň hakyky özi däl-de, oňa meňzedip ýüz-keşbini üýtgeden başga bir adamdygyny çaklaýardylar diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Meşhur ýüz-keşp serenjamçysy Aleksis Stoun sosial torlarda baýragy almaga Kerriniň keşbinde özüniň gatnaşandygyny ýazandan soň bu myş-myşlar has-da möwjedi. Stoun nikabyň, ýasama dişleriň we «Nikap» filminiň ýyldyzynyň saçyna meňzeş oturtma saçyň fotolaryny çap etdi.
Emma aktýoryň resmi wekilleri bu myş-myşlary ýalana çykardylar, ol hormat baýragyny almaga hut aktýoryň özüniň gatnaşandygyny habar berdiler.
Jim Kerri diňe kinoda däl, durmuşda hem özüniň geň hokgalary bilen meşhurdyr. Mysal üçin, Nýu-Ýorkda 2017-nji ýylda geçen nysak hepdesinde ol žurnalist zenanyň daşyndan pyr-pyr aýlanyp, daş-töwerekdäki ähli zatlaryň manysyzdygyny, diňe ol zenanyň ajaýyp görküniň durmuşy gözelleşdirýändigini gaýtalady.
Soňky ýyllar Kerri sergezdan durmuşy alyp bardy. 2022-nji ýylda kinodan gidýändigini yglan etdi, emma 2025-nji ýylda kirpijik Sonik baradaky filmiň üçünji bölüminde peýda boldy.