Turkmenportal logo
Şu gün 10:47
42144214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Surat: Surat: tdu.edu.tm

4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.

«Talyp gözeli — 2026» bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ýurtda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan belent sarpany, şeýle hem özleriniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň baýramçylyk we döredijilik ruhuny beýan edýän aýdym-sazlary, goşgulardyr täsirli sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagyň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagamlaryň biri bolan unaş kesmekde özleriniň aşpezlik ukyplaryny görkezdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan şert boýunça talyp gyzlar el işlerine çeperçilik ukyplaryny görkezip, nepis keşde çekdiler.

Gözellik bäsleşiginde eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa mynasyp boldy.

Bäsleşikde 1-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Güljeren Meläýewa, 2-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýgül Kakaýewa hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Töräýewa, 3-nji orna bolsa degişlilikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Amansoltan Orazmämmedowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Läle Gylyçdurdyýewa, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýlar Muhammedowa dagy mynasyp boldy.

Eminler topary bäsleşikde üstünlikli çykyş eden beýleki gatnaşyjylary hem «Şirin zybanly gözel», «Çeper elli gözel», «Mahmal owazly gözel», «Watançy gözel», «Aýratyn zehinli gözel», «Kalby hyjuwly gözel» diýen ugurlar boýunça sylaglady. Baýrakly orunlara mynasyp bolan we bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara guraýjylar tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.