Turkmenportal logo
Düýn 17:46
1217012170
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýada «Nils» we «Pedro» apy-tupanlaryndan ýitgileri 1,2 milliard ýewro diýip bahaladylar
Surat: Surat: khovar.tj/rus

Fewralda Fransiýa düşen we uly möçberdäki sil joşgunlaryny döreden «Nils» we «Pedro» apy-tupanlaryndan ýeten ýitgiler 1,2 milliard ýewro deň. Şeýle maglumatlary «France assureurs» we «Caisse centrale de reassurance» (CCR) ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň assosiasiýasy getirýär diýip, «Howar.tj» ýazýar.

Fransiýa 12 we 19-njy fewralda güýçli ygallar bilen utgaşan apy-tupan düşdi. Aýratyn hem, günbatar we günorta-günbatar sebitler ejir çekdi. Üç adam heläk boldy, müňlerçe öýleri suw basdy, ýaşaýjylaryň bir bölegi göçürildi, elektrik üpjünçiliginde bökdençlik döredi.