Turkmenportal logo
Düýn 16:33
1525715257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şakiranyň Mehikodaky konsertine 400 müň adam tomaşa etdi
Surat: Surat: slobodenpecat.mk/ru

Aýdymçy zenan Şakira Mehikonyň Sokalo meýdançasynda taryhy rekord goýdy, onuň «Las mujeres ya no lloran» («Aýallar indi aglamaýarlar») atly dünýä çykyşlarynyň jemleýjisi bolan mugt konsertine tomaşa etmäge 400 müň adam ýygnandy. Bu barada «Ansa.it» neşiri habar berdi.

Meksikanyň paýtagtynyň häkimliginiň çap eden maglumatynda Şakiranyň bu şowhunynyň 2023-nji ýylda şäheriň Konstitusiýa meýdançasynda 300 000 adamyň gatnaşmagynda geçirilen «Los Fabulosos Cadillacs» şowhunyndan ozdurandygy bellenýär.