Russiýanyň «Ozon» internet bazary Türkmenistanyň çägine harytlary eltip bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.
«Biz hyzmatymyzyň iş geografiýasyny ýakyn bolan ýurtlar boýunça giňeltmegi dowam etdirýäris we Türkmenistanyň çägine harytlary eltip bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýäris. Bu ýurtda hyzmaty işe girizmek barada gürrüň etmek entek irdir, müşderiler üçin bu hyzmatyň doly taýýar bolan mahaly biz bu barada goşmaça habar bereris» — diýlip, beýanatda aýdylýar.
Häzirki wagtda «Ozon» Azerbaýjanda, Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda we Özbegistanda logistika infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Bu ýurtlaryň her birinde sargytlary almak üçin nokatlar hereket edýär, ýerli satyjylara bolsa platformada hasaba durmak mümkinçiligi döredilýär.