Turkmenportal logo
Şu gün 12:12
29482948
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlary Hindistana tanyşlyk saparyna çagyrylýar

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistana tanyşlyk saparyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň saýlawyny yglan etdi. Sapar 2026-njy ýylyň 24-nji martyndan 2-nji apreline çenli döwür üçin meýilleşdirildi.

Gatnaşmaga akademik ýa-da hünär taýdan ýokary gazananlary bolan, iňlis dilini erkin bilýän we halkara saparlaryna taýýar bolan 15-den 29 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar.

Saýlanyp alnan gatnaşyjylar halkara uçar petekleri, Hindistanda ýaşajak ýeri we iýmiti, şeýle hem sapar wagtynda ýerli ulag hyzmaty bilen üpjün ediler.

Arzalar 2026-njy ýylyň 5-nji martyna çenli kabul edilýär. Hasaba durmak üçin terjimehalyňyzy we pasportyňyzyň nusgasyny com.ashgabat@mea.gov.in elektron salgysyna ibermek gerek.