Turkmenportal logo
Düýn 12:06
90729072
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Mälikgulyýew Russiýa Federasiýasynyň senatory, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Sergeý Karýakin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň netijesinde taraplar Aşgabatda Karýakiniň küşt klubuny açmak boýunça iş alyp barmak barada ylalaşdylar.

Gepleşiklere Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin hem gatnaşdy. Taraplar küşt ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaş zehinleri taýýarlamak, ussatlyk sapaklaryny geçirmek we halkara ýaryşlaryny guramak üçin täze klubuň açylmagyna aýratyn üns berildi.

Karýakiniň klublary häzirki wagtda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, şeýle hem Wengriýada, Hindistanda, Tailandda, Çilide we onlarça beýleki ýurtlarda üstünlikli hereket edýär. Aşgabatda klub açmak halkara ulgamynyň mundan beýläk-de giňelmeginiň bir bölegi bolar — diýip, Türkmenistanyň küşt federasiýasynda bellediler.