Turkmenportal logo
Düýn 17:13
4210542105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara zenanlar gününde türkmen raýatlary näçe gün dynç alar

2026-njy ýylda Türkmenistanda Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart ýekşenbe gününe gabat gelýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, resmi baýramçylyk ýekşenbe gününe gabat gelende, dynç güni indiki iş gününe — duşenbe gününe geçirilýär.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, 8-nji mart — Halkara zenanlar güni — kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýän resmi baýramçylyk güni diýlip hasaplanýar.

Şonuň üçin ýurdumyzyň ýaşaýjylary iki gün yzly-yzyna dynç alarlar — 8-nji mart ýekşenbe we 9-njy mart duşenbe. Iş hepdesi 10-njy mart sişenbe gününden başlanar.