Turkmenportal logo
Şu gün 14:15
56245624
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Gaýa» ýaz möwsüminde öýüňiz we bagyňyz üçin janly ösümlikleri hödürleýär

Ýazyň gelmegi bilen, «Ak Gaýa» gurluşyk we hojalyk harytlary dükany öý, bag we howly üçin niýetlenen janly ösümlikleriň görnüşlerini artdyrdy. Bag ekmek möwsüminiň öňüsyrasynda müşderilere şäherlerdäki jaýlaryň balkonlarynyň we şäheriň daşynda ýerleşýän öýleriň keşbini özgertjek bezeg we miweli ösümlikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Ýaz pasly ösümlikleri ekmek we täzelemek üçin iň gowy döwür hasaplanýar. Hut şu döwürde ösümlikler has aňsat kök urýar, çalt ösýär we täze şertlere has çalt uýgunlaşýar. «Ak Gaýada» gül nahallaryna, bezeg maksatly gyrymsy agaçlara, pürli ösümliklere we miweli agaç nahallaryna gyzyklanmanyň artýandygyny bellediler.

Hödürlenilýän görnüşleriň arasynda otagda rahat gurşaw döretmek üçin az ideg talap edýän otag ösümlikleri we landşaft dizaýny üçin howly ösümlikleri bardyr. Uly gunçaly gülleri gowy görýänler möwsümleýin gülleri satyn alyp bilerler, öý eýeleri bolsa howluda janly germewleri we kölegeli künjekleri döretmek üçin ösümlikleri tapyp bilerler.

Ösümlikleriň özünden başga-da, dükan ýazky bag ekmek işlerine doly taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýän degişli önümleri: toprak, dökün, güldanlary we bag gurallaryny hödürleýär.

Bagyňyzy ýa-da öýüňizi janly ösümlikler bilen bezemek diňe bir estetiki çözgüt däl, eýsem, rahatlyga we daşky gurşawyň durnuklylygyna goşantdyr. «Ak Gaýada» ýaz paslynyň öýi ýaşyl ösümlikler we terlik bilen doldurmak üçin iň gowy wagtdygyna ynanýarlar.

Ähli alyjylara 3 ýyl möhlet bilen karz berilýär.

Salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç. (Obýezdnaýa) 40, «Ak Gaýa» binasy
Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88
Sosial ulgamdaky sahypasy