Turkmenportal logo
Şu gün 13:55
55325532
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy TFF-nyň Kubogynda «Altyn Asyr» toparynyň ýerine çykyş eder

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy TFF-nyň Kubogynda «Altyn Asyr» toparynyň ýerine çykyş eder. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýaryşa sekiz topar: «Arkadag», «Ahal», «Şagadam», «Merw», «Aşgabat», «Nebitçi», «Köpetdag», şeýle hem we ýurdumyzyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy gatnaşar.

Bije çekişlikden soň klublar iki toparça bölündi: «A» toparçasyna «Köpetdag», «Ahal», «Şagadam» we «Nebitçi», «B» toparçasyna bolsa U20, «Arkadag», «Aşgabat» we «Merw» girýär.

Ähli oýunlar Aşgabadyň köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi 12-nji martda kesgitlener.