Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Iliana Ýotowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.