Turkmenportal logo
Düýn 22:14
69666966
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.