Turkmenportal logo
Şu gün 15:23
97019701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegine alada bildirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň maglumatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugynyň esasynda çözülmelidigini gaýtadan nygtaýar.