Turkmenportal logo
Şu gün 10:33
48664866
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň bahasy 12 million dollardan geçdi 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, dokma önümleri, ýoduň spirtli ergini ýerlenildi. 

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 44 million 302 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, peç ýangyjyny («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, bugdaý ununy, nah ýüplügi satyn aldylar.