Turkmenportal logo
Şu gün 09:02
49784978
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Russiýa migrasiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri bilen Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygyny geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Migrasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde halkara guramalarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň netijesi boýunça gatnaşyjylar geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.