Turkmenportal logo
Şu gün 11:38
18791879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan awtomobil ulagy pudagyndaky kanunçylygy döwrebaplaşdyrýar

Türkmenistanda awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli düzgünleri halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.