Turkmenportal logo
Şu gün 09:09
39633963
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň DIM-i: Baku migrasiýa töwekgelçiliklerini göz öňünde tutup, wizasyz düzgün boýunça onlarça ýurt bilen gepleşik geçirýär

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi wizalaryň ýatyrylmagy ýa-da ýeňilleşdirilmegi boýunça onlarça döwlet bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi. Bu barada media.az neşiri ýurduň parlamentinde — Milli Mejlisde — geçirilen jemgyýetçilik diňlenişiklerinde DIM-niň Konsullyk müdirliginiň başlygy Emil Safarowyň çykyşyna salgylanyp, habar berýär.

Diplomatyň sözlerine görä, gepleşikler diňe dostlukly döwletler we Azerbaýjanyň strategiki hyzmatdaşlary bilen alnyp barylýar, bu ýerde milli howpsuzlyk we migrasiýa töwekgelçilikleri hökmany suratda göz öňünde tutulýar.

Safarow Azerbaýjanyň birnäçe ýeňilleşdirilen giriş görnüşini ulanýandygyny ýatlatdy: doly wizasyz düzgün, ASAN Viza elektron wiza ulgamy, şeýle hem iri halkara çäreleri döwründe wagtlaýyn ýeňilleşdirilen amallar. Mysal üçin, COP29 howa sammiti döwründe 36 müňden gowrak gatnaşyjy ýeňilleşdirilen wiza aldy.

2026-njy ýylyň 15-nji fewralyndan Azerbaýjan bir taraplaýyn tertipde, esasan, arap ýurtlaryndan bolan dört döwlet bilen wagtlaýyn wizasyz düzgüni girizdi. Bu başlangyç ýurduň Syýahatçylyk döwlet agentliginiň teklipleriniň esasynda amala aşyryldy.

DIM-niň wekili ýeňilleşdirilen giriş düzgüniniň degişli ýurtlarynyň sanawynyň ýakyn wagtda giňeldilip bilinjekdigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, alnyp barylýan syýasatyň esasy maksady — ýurduň migrasiýa howpsuzlygyna zyýan ýetirmezden syýahatçylaryň akymyny ep-esli artdyrmakdyr.