Turkmenportal logo
Şu gün 17:09
50745074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Toý Öýi» täze toý lybaslar toplumyny hödürleýär

Aşgabatdaky «Altyn Toý Öýi» toý salonynyň  täze toý möwsüminiň başlanandygyny we Italiýanyň hem-de Türkiýäniň modalar öýlerinden getirilen täze toý lybaslarynyň modelleriniň salona gelip gowşandygyny mälim etdi. Gelinler bu toý toplumyny synap görüp, ýaş çatynjalaryň dabarasy üçin iň laýyk keşbi saýlap bilerler.

Salonda taýýar modellerden başga-da, müşderiniň ölçeglerine we isleglerine görä Italiýadan we Fransiýadan getirilen matalardan ýörite lybaslary tikip bermek hyzmaty hem hödürlenýär. Bu usul hakykatdanam özboluşly, tapgyrlaýyn çözgütlerden tapawutlanýan keşbi döretmäge mümkinçilik berýär. Has elýeterli görnüşi gözleýänler üçin «Altyn Toý Öýi» dürli fason we stilde toý hem-de agşamky köýnekleriň kärendesini hem amala aşyrýar.

Aýratyn üns berilmäge mynasyp ugurlaryň biri — milli lybaslaryň we kürteleriň toplumydyr. Salon däp-dessurlary belent tutýan türkmen maşgalalarynda aýratyn isleg bildirilýän milli toý keşplerini degişli bezegleri bilen hödürleýär.

Salonyň hyzmatlary diňe gelinlere däl-de, eýsem öýlenýän ýigitlere hem gönükdirilendir: «Altyn Toý Öýi» erkekler üçin barberşop hyzmatyny hem hödürleýär. Ýigitler we dabaranyň myhmanlary saç deňletmek hem-de ideg hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Salonyň topary toýlara we baýramçylyk çärelerine taýýarlykda ýöriteleşen wizažistlerden, stilistlerden we barberlerden ybaratdyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99371 252645 / 906713;
Salgysy: «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezi;
Sosial ulgamdaky sahypasy.