Belet ykjam goşundy täze «Bilim» atly bölümi ulanyjylara hödürledi. Bu bölüm bilimi we öwreniş mazmuny bilen gyzyklanýan ulanyjylar üçin niýetlenendir. Indi ulanyjylar dürli okuw dersleri, diller, çagalar üçin öwrediji maksatnamalar, şeýle hem tebigat we adam baradaky tematik gepleşikler bilen tanşyp bilerler.
Mazmun gysga öwrediji maksatnamalar görnüşinde hödürlenýär, bu bolsa gündelik işjeňlik bilen bilim almagy utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bellenilişi ýaly, «Bilim» bölümi ulanyjylaryň wagtyny peýdaly geçirmeklerine, täze bilimleri edinmeklerine we intellektual başarnyklaryny kämilleşdirmelerine ýardam etmek üçin döredildi. Geljekde bu bölümiň mazmuny yzygiderli täzelenip, täze okuw maksatnamalar we döwrebap maglumatlar bilen doldurylar.
Goşundynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi Türkmenistanda gündelik durmuşa sanly çözgütleriň işjeň ornaşdyrylmagynyň umumy ugruny görkezýär. Bilim bölüminiň peýda bolmagy bolsa ulanyjylaryň isleglerine gönükdirilen sanly hyzmatlaryň ösdürilişinde nobatdaky ädim boldy.