Turkmenportal logo
Şu gün 15:53
42804280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kriştianu Ronaldu Ispaniýanyň «Almeria» klubunyň 25% paýnamasyny satyn aldy

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu Ispaniýanyň «Almeria» futbol klubunyň paýdarlarynyň biri boldy, ol toparyň paýnamalarynyň dörtden birini satyn aldy — diýip, «Associated Press» agentligi habar berýär.

«Brunswick Group» konsalting kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, futbolçynyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu şertnama «CR7 Sports Investments» atly golçur kompaniýa arkaly amala aşyryldy. Saud Arabystanyndan bolan maýa goýujy Mohamed al-Hureýji öňküsi ýaly klubuň esasy paýdary hökmünde galýar.

Häzirki wagtda «Almeria» Ispaniýanyň ikinji derejeli futbol ligasy — Segundada çykyş edýär we ýaryş tertibiniň üçünji ornunda ýerleşýär. Klub soňky gezek La Ligada 2023/24 möwsüminde oýnady.

Bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi 41 ýaşly Ronaldu 2022-nji ýylyň ahyryndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» klubunda çykyş edýär.