Turkmenportal logo
Düýn 10:29
83208320
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen gümrükçileri BGG-niň 21-nji ählumumy mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň wekilleri Bütindünýä Gümrük Guramasyna (BGG) agza döwletler tarapyndan döredilen sebitleýin edaralaryň we bu guramanyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasarlarynyň edaralarynyň 21-nji ählumumy mejlisine gatnaşdy. Wideoaragatnaşyk arkaly görnüşinde guralan bu mejlis 23-24-nji fewral günlerinde geçirildi.

TDGG-niň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda BGG-niň sebitleýin düzümleriniň häzirki işleri, sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda iň gowy tejribeleriň alyş-çalşygy we gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Elektron okuwyň we sanly platformalaryň ornaşdyrylmagyna we uzak aralykdan okuwyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşan Okuw merkeziniň wekilleri BGG-niň täze mümkinçiliklerini artdyrmak başlangyçlary bilen tanyşdylar. Alnan maglumatlar bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek we gümrük ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geljekki işlerde netijeli ulanylar.