Turkmenportal logo
Düýn 09:57
84278427
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow Beýik Britaniýanyň döwlet goranmak ministri bilen duşuşdy 

Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 25-nji fewralda geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy täsirli çäreleriň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar sebit hem-de halkara derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen konstruktiw hem-de ynanyşmaga daýanýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.