«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň iki esasy klub ýaryşynyň — UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň — ýakyn günlerde geçiriljek duşuşyklarynyň göni ýaýlymlaryny amala aşyrar.
25-nji fewralda ýerli wagt bilen 22:45-de Çempionlar ligasynyň çäklerinde «Atalanta» — «Borussiýa Dortmund» duşuşygy geçiriler, 01:00-da bolsa «Real Madrid» bilen «Benfika» meýdana çykar. Indiki gün, 26-njy fewralda, 22:45-de Ýewropa ligasynda «Ştutgart» — «Seltik» klublarynyň arasynda duşuşyk geçiriler, 01:00-da bolsa «Nottingem Forest» bilen «Fenerbahçe» klublarynyň arasyndaky oýun bolar.
Has köp duşuşyklara tomaşa etmek isleýän janköýerler üçin «Belet» platformasynda «Premium» ýazylyşygy elýeterli bolup, ol Ýewropa ýaryşlarynyň giňişleýin toplumyny görmek mümkinçiligine eýedir.