Indi Türkmenistanyň raýatlary gaza tölegi sanly ulgam arkaly: töleg terminallarynyň ýa-da «Milli Pay» goşundysynyň üsti bilen amala aşyryp bilerler. Bu barada tngizt.gov.tm saýty «Nebit-gaz» gazetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Merkezi edarasynyň «Hasap merkezi» atly serwer ulgamy işe girizildi. Ol «Aşgabatgaz» edarasyna hem-de sebitlerde gaz üpjünçilik merkezlerine internet arkaly birikdirildi.
Bu täze ulgam Türkmenistanda tebigy gazy sarp etmegiň hasabyny ýöretmek üçin bitewi elektron ulgam döretmegiň çäklerinde işe girizildi.