Turkmenportal logo
Şu gün 10:12
18411841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda 2027-nji ýylda sanly milli pululanyşa giriziler

Gyrgyzystanda sanly somy (milli pul birligini) 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ulanyşa girizmek meýilleşdirildi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Milli bankynyň başlygynyň orunbasary Azat Kozubekow habar berdi diýip, «Kabar.kg» internet neşiri ýazýar. 

Kozubekowyň sözlerine görä, degişli kanun agzalan seneden güýje girer, şondan soňra sanly som resmi dolanyşyga goýberiler. Häzirki wagtda Milli bank hyzmatdaşlar bilen bilelikde taslamany durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barýar.

Milli bank tarapyndan kanuny töleg serişdesi diýlip yglan ediljek sanly somuň hümmedi nagt somuň hümmedine deň bolar. Sanly puluň sazlaýjynyň kepillikleri bilen üpjün edilmegi sebäpli, serişdeleri dikeltmek mümkinçiligi-de göz öňünde tutulýar.